* Iňlisler Täze ýylyň şanyna kakylýan zaňlaryň ilkinjisinde köne ýyl çykyp gider ýaly arka gapylaryny açýarlar. Soňky zaňda bolsa, öňki gapylaryny Täze ýyla açýarlar.
* Ispaniýada Täze ýyla geçmek üçin galan soňkuja sekuntlarda 12 sany üzüm dänesini iýmek ýörgünli. Ynanylyşyna görä, kimde-kim olaryň ählijesini iýip ýetişse, geljek ýylda eden arzuwlarynyň barysy hasyl bolýarmyş. Hatda bu ýurduň dükanlarynda Täze ýyla gabatlap çöpjagazyndan we çigidinden arassalanan üzüm däneleri hem satylýan eken.
* Täze ýyl baýramyny gutlag kagyzlaryny ýollamak arkaly gutlamak juda ýörgünli. Özi-de ýaponlar diňe bir ýakyn dost-ýarlaryny däl, eýsem, ähli tanyş-bilişlerini gutlamagy ahmal etmeýärler. Şonuň üçin 1-nji ýanwar güni ähli ynsanlaryň isleg-arzuwlaryny biri-birine gowşurmakda poçta edaralaryna uly iş düşýär.
* Italiýalylar, köplenç, yrym edip, 31-nji dekabr agşamy köne zatlaryny penjirelerinden daşary zyňýarlar. Bu däbiň düýp manysy, durmuşlarynda täze zatlara ýer açmakdan ybarat. Şeýle-de italiýalylar baýramçylyk supralarynda üzüm, merjimek we maňyz ýaly önümleri goýmagy ahmal etmeýärler. Sebäbi olar bu önümleriň bereket, saglyk we uzak ömür eçilýändigine ynanýarlar.
* Awstraliýada Täze ýyl saçagynda aw guşundan taýýarlanan tagam asla goýulmaýar. Sebäbi awstraliýalylar aw guşuny bagtyň nyşany hasaplaýarlar.
* Grenlandiýada adamlar birek-birege Täze ýyl sowgady hökmünde buzdan ýasalan ak aýynyň we deňiz pişiginiň şekilini bermegi kem görenoklar.
* Wýetnamlylar her Täze ýylda diri karp balygyny öýleriniň golaýyndaky köle goýberýärler. Sebäbi olar bu balygy bagtyň hem berekediň nyşany hasaplaýarlar.
* Gresiýada Täze ýyl gijesinde bagtyň hatyrasyna nar döwmek däbi dowam etdirilýär.
* Şotlandiýada Täze ýylyň ilkinji güni hapa daşamak halanmaýar.
* Täze ýyla laýyk 3 minut galanda Bolgariýada ähli yşyklar söndürilýär.
* Filippinleriň halky bolsa bereket nyşany hasaplap, Täze ýyl suprasyny şaýylygy ýatladýanlygy üçin togalak şekilli miweler bilen bezäp, şolary iýýärler. Şeýle-de bu halkda ýylyň 12 aýyny alamatlandyrýan 12 sany aýry-aýry miwe iýmek dessury hem juda ýörgünli. Olaryň Täze ýyl gijesi jübülerini şaýylyklardan dolduryp birek-birege paýlamak, ýerligi tegelek şekiller bilen bezelen egin-eşikleri geýmek adatlary hem geljek ýylyň bereket-bolçulyga baý bolmagy üçin edýän umytlaryndan gözbaş alýar.
Ýazgeldi HALYŞOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.