Habarlar

Gazagystanyň milli teleýaýlymynda «Gorkut» atly köp bölümli çeper film ýaýlyma berildi

25-12-2023 / 3

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýakyndan goldaw bermegi esasynda Gazagystanyň radio we telewideniýe korporasiýasynyň garamagyndaky  «Qazaqstan TV» («Gazagystan TV»)  milli teleýaýlymy tarapyndan surata düşürilen «Gorkut» atly köp bölümli çeper film ýaýlyma berildi. 

Türki dünýäsiniň rowaýata öwrülen beýik gahrymany we keramatly dana gojasy Däde Gorkut hakyndaky köp bölümli bu çeper film Almaty sebitinde we Özbegistanyň Hywa şäherinde surata düşürildi. Bu çeper film rowaýata öwrülen Däde Gorkudyň doglan gününden başlap, dana we keramatly goja döwrüne çenli geçen kämillik ýolundan, şahsy durmuşyndan söz açýar.

«Gorkut» atly köp bölümli çeper filmiň taryhy geňeşçisi we ssenaristi Berik Ýusupow bu çeper filmiň  hekaýasynyň «Däde Gorkut» kitabyna esaslanýandygyny aýtdy.  Şeýle hem ol köp bölümli bu çeper filmiň Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystan we Türkmenistanyň kinoteatrlarynda hem görkeziljekdigini habar berdi.

Gorkut atanyň durmuşyndan gürrüň berýän «Gorkut» atly köp bölümli bu çeper filme Kanagat Mustafin režisýorlyk etdi.

Toýly JÄNÄDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap geňeşiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu