Habarlar

Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy ýerine ýetirilip başlandy

23-12-2023 / 2

22-nji dekabrda Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy ýerine ýetirilip başlandy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ilata edilýän dürli görnüşli, şol sanda uçarlar arkaly edilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak babatdaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Täze ýylyň öňüsyrasynda ýola goýlan bu gatnaw ýolagçylar üçin özboluşly sowgat boldy.

Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy üçin hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak baradaky aladalary netijesinde satyn alnan iň kämil, döwrebap uçarlaryň hyzmatyndan peýdalanylýar. Has takygy, bu ugurdaky ilkinji uçuşy ýakynda paýtagtymyza getirilen «Boeing 777-300ER» kysymly uçar amala aşyrýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu