
Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda bolşy ýaly, döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde hem ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, täze şäherde ilkinji gezek toýlanjak Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralar ýokary derejede geçiriler.
Häzirki wagtda şäheriň ähli çäklerinde göçme söwdalary guramak, olarda sowgatlyk we azyk önümleriniň dürli görnüşlerini hödürlemek boýunça işler durmuşa geçirilýär, söwdanyň medeniýeti häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýär.
Täze şäheriň döwrebap jaýlaryna göçüp baranlar üçin amatly ýaşaýyş we göwnejaý dynç alyş şertleri döredildi, söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagy üpjün edildi. Munuň şeýledigini 16-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Gökdere» söwda merkeziniň işi, onda söwdanyň guralyşy, ilata hödürlenilýän önümlerdir harytlaryň görnüşleri bilen tanyşmagy hem aýdyň görkezýär. Milli Liderimiz bu ýerde Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, söwda hyzmatlarynyň ýola goýluşy bilen tanyşdy.
Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäherinde guraljak baýramçylyk dabaralaryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden myhmanlaryň gelmegine garaşylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu ýerde guralýan ähli çäreler, söwda hem-de hyzmatlar häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bolup, şäher ýaşaýjylarynda we myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.
Serdar ÖWLÝAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.



