Täze ýyla şatlyk-şowhun bilen garaşylýan günlerde dünýäniň iň gowy täze filmini saýlamak ugrunda pikir soraşma geçirildi. Internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylan bu pikir soraşmada bolsa «Öýde ýeke özi» atly film «Iň gowy täze ýyl filmi» baýragyna mynasyp boldy.
Döwründe Oskar baýragyna hödürlenen bu film indi 1990-njy ýyldan bäri täze ýylyň garşy alynýan günlerinde maşgala agzalaryny özüne seretdirmegi başaryp gelýär. Ony Jon Hags ýazýar. Ilkinji görkezilişinden soň, gysga wagtyň içinde 100 million dollardan gowrak girdeji gazanmagy başaran filmde baş gahrymanyň — Kewiniň roluny bolsa Makoleý Kalkin janlandyrýar.
Film surata düşürilýän döwründe Makoleý 10 ýaşlyja çaga bolýar. Emma indi birwagtky Kewin 30 ýaşyny doldurdy. Pikir soraşmanyň netijelendirilen dabarasynda Makoleý şeýle diýýär: «Men durmuşda ýitip gitmejek sungat eserlerini döretmegi maksat edinýärin. Bu babatda «Öýde ýeke özi» filmi meniň ruhy daýanjymdyr. Çünki bu film adamlaryň heniz-heniz aňyndan we ýadyndan çykmaýar…».
Leýla MAMUDOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby.