Siziň üçin...Slider

Täze ýyl arçasyny bezemegiň taryhy

22-12-2023 / 6

Ar­ça­la­ry be­ze­mek dä­bi ga­dy­my däp-des­sur­lar esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýar. Bu des­sur­lar ne­mes däp­le­rin­de or­ta asy­ryň ahyr­la­ryn­da ýü­ze çy­kyp ug­ra­ýar. On­dan ozal, Tä­ze ýyl­da to­ka­ýa gi­di­lip, şol ýer­dä­ki ar­ça aga­jy be­ze­lip­dir we onuň da­şyn­da baý­ram­çy­lyk des­sur­la­ry ber­jaý edi­lip­dir.

Soň­ky ýyl­lar­da ar­ça­lar öý­le­re ge­ti­ri­lip baş­lan­dy. Ony dür­li gör­nüş­li oý­na­waç­lar bi­len be­zäp ug­ra­dy­lar. Şon­dan soň­ra ger­man hal­ky­nyň bu däp-des­sur­la­ry giň­den ýaý­rap, Rož­dest­wo (24-nji de­kabr) baý­ram­çy­ly­gyn­da ar­ça­lar be­ze­lip baş­lan­dy.

Tä­ze ýyl ar­ça­sy­ny be­ze­mek il­kin­ji ge­zek Ger­ma­ni­ýa­da ýo­la go­ýul­dy. 1513-nji ýyl­da ne­mes re­for­ma­to­ry Mar­tin Lýu­ter Rož­dest­wo baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da öýü­ne gaý­dyp gel­ýär­kä, ýyl­dyz­la­ryň owa­dan­ly­gy­na hem-de ola­ryň agaç­la­ryň ýo­kar­syn­da ýag­ty­lyk saç­ýan­dy­gy­na haý­ran ga­lyp­dyr. Soň­ra öýü­ne ge­lip, sto­luň üs­tün­de ki­çi­jik ar­ça­ny be­zäp­dir we iň ýo­kar­sy­na ýyl­dyz­jy­gy ýer­leş­di­rip­dir. XVI asyr­da Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­da sto­luň or­ta­ra­syn­da ony al­ma, al­ça, ar­myt we to­kaý hoz­la­ry bi­len be­zäp­dir­ler.

XVII asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da ne­mes we şweý­sar maş­ga­la­la­ryn­da pür ýap­rak­ly agaç­lar dür­li oý­na­waç­lar bi­len be­ze­lip­dir. XVIII-XIX asyr­lar­da ar­ça be­ze­mek di­ňe Ger­ma­ni­ýa­da däl, eý­sem, Ang­li­ýa, Awst­ri­ýa, Çe­hi­ýa, Gol­lan­di­ýa we Da­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar­da-da giň­den ýaý­rap­dyr. Ame­ri­ka­da-da Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry ne­mes emig­rant­la­rynyň ha­sa­by­na peý­da bo­lup­dyr. Rus­si­ýa­da ar­ça be­ze­mek Pýotr I döw­rün­den gaýd­ýar. Ol ýaş­ka ne­mes dost­la­ry­nyň öýün­de myh­man­çy­lyk­da bo­lan­da, be­ze­len ar­ça­la­ry gö­rüp, pa­ty­şa bo­lan­dan soň­ra Tä­ze ýy­ly giň­den bel­le­me­gi ýo­la go­ýup­dyr.

Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da be­ze­len dür­li öwüş­gin­li çy­ra­la­r­dyr be­zeg oý­na­waç­la­ry bi­len baý­ram­çy­ly­gyň şow­hu­ny­ny has-da be­len­de göterýär.

Aýlar SARYÝEWA,
TOHI-niň Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu