Hemmeleriň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garaşýan ajaýyp baýramy — Täze ýyl bosagada. Ähli ýerde bu baýramy uly şatlyk-dabara bilen garşylamak üçin taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şonda Täze ýyl baýramynyň esasy alamaty bolan arçalar oturdylyp, olaryň daş-töwereginde dabaraly medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär.
Täze ýyl baýramy iň bir naýbaşy baýramlaryň biridir. Bu baýramçylyk höwes bilen garaşylyp, ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara besleýär. Täze ýylyň golaýlaşmagy bilen ynsanlaryň ýüzleri mähirli ýylgyryşa beslenip, bir-birege gutlaglar aýdylýar. Täze ýyl diýlende, ilki bilen, şatlyk-şowhun hem-de sowgat paýlaýan Aýazbaba bilen Garpamyk göz öňümizde janlanýar. Täze ýyl arçasy — bu baýramyň bezegi, Aýazbaba şeýle hem agtyjagy Garpamyk bolsa arzyly myhmanlardyr.
Bazardyr dükanlarda telekeçilerimiziň öndürýän ýokary hilli süýji-köke, et-süýt, şöhlat önümlerine uly isleg bildirilýär. Baýramçylyk desterhanyny bezemäge giň mümkinçilikleriň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösüş ýolundadygyny aýan edýär. Mundan başga-da, ajaýyp sowgatlyklaryň, Täze ýyl baýramynyň şowhunyny artdyrýan oýnawaçlardyr çyrajyklaryň satuwa çykarylmagy hemmeleriň bu baýramçylyga bolan höwesini artdyrýar. Çünki, olar baýramçylyk ruhuna aýratyn öwüşgin berýär.
Täze ýyl bosagamyzda, gapymyzy kakyp dur. Biz eýýäm biri-birimize ýakymly sözlerimizi — süýji arzuwlarymyzy, sowgatlarymyzy paýlaýarys. Saçaklarymyza hem edil kalbymyzdaky ýaly, jomartlyk we bolçulyk bezeg berýär. Gök önümlerdir miwelerden doly saçaklarymyz we bagtyýarlyk nuruna beslenýän öýlerimiz türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredilýän eşretli durmuşyň waspyny özünde jemleýär.
Ak arzuwlara beslenip ýetip gelýän Täze ýyl her bir maşgala ojagyna saglyk, agzybirlik, rysgal-döwlet eçilsin!
Bibi TAGANOWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym öwrenijisi.