Habarlar

Türkmen talyplary Halkara matematika olimpiadasynda 20 medal gazandylar

21-12-2023 / 7

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetinde şu ýylyň 29-njy noýabry — 3-nji dekabry aralygynda halkara matematika olimpiadasy («RUDN MathOlymp») geçirildi. Bu olimpiadada türkmenistanly talyplar şowly çykyş edip jemi 20, şol sanda 6 sany altyn, 10 sany kümüş, 4 sany bürünç medal gazandylar.

Bu olimpiada şahsy we toparlaýyn görnüşinde geçirilip, oňa Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Azerbaýjan, Alžir, Belarus, Sloweniýa, Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan ýaly ýurtlaryň 30-a golaý ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 350-den gowragy gatnaşdy.

Bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary işeňňir gatnaşdylar.

Şahsy bäsleşikde 5 mesele berlip, olary çözmek üçin gatnaşyjylara 4 sagat wagt berildi. Şahsy bäsleşikde türkmen talyplary jemi 20 medal gazanmagy başardylar. Toparlaýyn bäsleşikde 5 meseläni çözmek üçin talyp toparlaryna 1 sagat wagt berildi. Toparlaýyn bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiň talyplary kümüş medal, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary bürünç medal gazandylar.

Şahsy bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Gurt Döwletow, Muhammet Annaýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary Agabek Matýakubow, Balkan Jepbarow, Hydyrberdi Rejepow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Nurmyrat Ataýew altyn medalyň eýesi boldular.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Akmuhammet Gurbangeldiýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary Şabibi Nurjanowa, Akmuhammet Akmyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Myratgeldi Annamuhammedow, Medine Ödäýewa, Döwletmyrat Esenow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwran Myradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Kadyrberdi Annabaýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanow kümüş medal gazandylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Nagym Taňrygulyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Melike Jumaýewa, Ýazguly Aşyrow bürünç medala mynasyp boldular.

«RUDN MathOlymp»-yň köpöwüşginli maksatnamasyna laýyklykda, olimpiada gatnaşyjylara Moskwanyň gözel künjeklerine gyzykly gezelençler hem-de halklaryň dostluk konserti geçirilip, onda bäsleşige wekilçilik edýän ýurtlaryň milli aýdym-sazlary, tansly çykyşlary ýerine ýetirildi. Olimpiadanyň sylaglamak dabarasynda ýeňijilere degişli medallar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şageldi HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu