«Mercedes-Benz» we meşhur arap öndürijisi bolan «Binghatti Properties» bilelikdäki taslamasyny mälim etdi. «Mercedes-Benz»-iň ýörite döredilen bölümi «Mercedes-Benz Places» diýlip atlandyrylýan 65 gatly kaşaň markaly gökdirän binanyň döredilişine gatnaşar. Minara nemes awtoulag öndürijisiniň bu işde ilkinji tejribesi bolup, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ilkinji gurply ýaşaýjylaryny kabul etmäge taýýar bolar.
Maglumatlara görä, binanyň boýy 341 metr bolar. Daşky dizaýny «Mercedes-Benz»-iň nyşanlaryny ulanyp bezeler. «Mercedes-Benz Places» terrasaly, howuzly we megapolisiň esasy gözel ýerlerine bakýan, sany gaty çäkli rezidensiýalardan ybarat bolar.
Aýzada ALLAKOWA,
TOHI-niň gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.