«Gazeta.ru» -nyň habar bermegine görä, «Apple» -iň täze smartfonynda dikligine ýerleşdirilen kamera bolar.
«Apple» kompaniýasy häzirki wagtda enjamyň aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan iki prototipini synagdan geçirýär. Iň ähtimal nusgada yzky kameralar dik blokda ýerleşdirilendir. Bu prototip 2017-nji ýylda çykan «iPhone X» smartfonuny ýada salýar. Maglumatlara görä, telefonda «iPhone 15 Pro» we «15 Pro Max» -daky ýaly hereketler düwmesi hem ýerleşdiriler.
Geljekki 2024-nji ýylyň güýzünde tanyşdyrylmagy meýilleşdirilen täze smartfon 6.1 dýuýmlyk OLED ekran, «Dynamic Island» ekrany kesimi we USB-C porty bilen üpjün ediler.
Bägül ESENOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.