- Täze ýyl her bir ynsanyň ýaş toýudyr.
- Täze ýyl baýramynyň iň uly jadysy ähli kişileri jada ynandyryp bilmegidir.
- Täze ýyl bosagada durka, biz täzeden ýaşamaga başlaýarys.
- Aslynda, Täze ýyl baýramçylygy dileglerden, gutlaglardan hem-de ertirden başlap hemmesiniň gowy boljakdygy baradaky ullakan ynamdan ybarat.
- Täze ýyl ýüreginiň töründe özüniň çagadygyna ynanýan we henizem syr bildirmän jada garaşýan uly adamlaryň baýramçylygydyr.
- Täze ýylda ýakynlaryňyza edip biljek iň uly sowgadyňyz — ýagşylyga bolan umytdyr.
- Täze ýyl jadyly gije. Ulular käte çagalara garanyňda ertekilere has mätäçlik çekýändikleri üçin hem bu gijäni aýratyn gowy görýärler.
- Täze ýyly nirede garşylandygyň däl, kimler bilen garşylandygyň has möhümdir.
- Islendik ýaşda Täze ýyly täze maksatlar bilen garşylamak gerek.
- Eger-de sen Täze ýyl agşamynda diňe garyň ýagmagyny dileýän bolsaň, diýmek, şu wagt örän bagtly adamsyň.
- Täze ýyl sowgadyny arçanyň astyndan däl-de, töwregeňizden gözläň. Eger daşyňyzy maşgalaňyz gurşap duran bolsa, diýmek, ol sowgat sizde bar.
Reýhan HASANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabat agrosenagat orta hünar okuw mekdebiniň 117-nji toparynyň talyby.