Siziň üçin...Slider

Kislorod nirede kän?

19-12-2023 / 6

Agaçlar, ösümlikler tebigat döräli bäri Ýer togalagyna berlen bahasyna ýetip bolmajak  gymmatlykdyr.  Sebäbi  olarda  ynsan  üçin iň  zerur  element  kislorod bar. Ýagny olar kislorod bölüp çykarmaga ukyplydyrlar. Diýmek, näçe daragt kän bolsa, şol ýerde şonçada kislorod kändir.

Bir ýaprak sagatda 5 millilitr kislorod berýär. Elbetde, bir agajyň sagatda näçe kislorod  berjegi bolsa  onuň ýapraklarynyň ortaça  sanyna  bagly bolup, öz-özünden düşnükli. Sagdyn adam sagatda 720 gezek dem alyp, her gezekde 500 millilitr kislorody kabul edýär. Şol sebäpden daş-töweregimizde agaçlaryň, ösümlikleriň kän bolmagy ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr.

Ösümlikleriň diňe bir daşda bolman, öýüň içinde bolmagy hem zerurdyr. Sebäbi ýaňky belleýşimiz ýaly, olar kisloroda baý bolup, öýüň  içini  hem arassalamaga haýry uludyr. Öý içiniň ösümliklerine otag gülleri degişlidir. Eýsem, otag gülleri nähili güller…

Otag gülleri saglyk gülleri

Otag gülleri  öý-içerlere özüniň gözellikleri bilen bezeg berip durýarlar. Ýöne olar edil sol pursat diňe bir bezeg bolman, öýüň içiniň howasyny hem arassalap durýarlar. Olar howadaky zyýanly maddalaryň ýok bolmagyna kömek edýär. Haçan-da gülleri kän otaga baranyňda, özüňi duýşuň hem gowulanýan ýaly bolýar. Otag gülleri ynsana ruhy baýlyk hem eçilýär. Şeýlede olaryň adam saglygyna peýdalary barada bilýärsiňizmi?!

Kaktus otag güli bolup, ol tikenli gülleriň maşgalasyndan. Bu gül komýuteriň ýanynda goýulanda, ony ulanýany ýiti şöhleden, şeýlede beýnini goraýar. Kaktusyň ýapraklary täze howply döremä garşy göreşýär. Ol iýmitiň çalt siňmegine hem peýdaly. Süýji keselli näsaglaglara otagynda kaktus gülüni goýmaklyk maslahat berilýär.

Boston paporotnigi. Bezeg üçin ulanyulýan bu gül howadaky kelleagyry, dem almaga kynçylyk döredýän formaldegid, ksiol we toluol ýaly  zyýanly maddalary arasslamaga kömek edýär.

Aloe güli. Bu gül howany arassalamak bilen bir hatarda ynsan saglygyna ummasyz peýdalary bar. Düzümi G, E ýokumlaryna baý bolup, halk lukmançylygynda  iriňli  ýaralary bitirmekde giňden  ulanylýar.  Ýagny  onuň  iriňi  sorup almak aýratynlygy bar. Ol   ýarany bitirip, täze döremeleriň öňüni almak häsiýetine eýedir.  Şeýle-de aloeny öý şertlerinde lukman  bilen  maslahatlaşyp  ulanylanda, bedenimiziň sowuklan ýerlerini bejerip bolýar. Aloeniň 100 göterim şiresini agyz boşlugynda çaýkasaň, ol dişleri galyndylardan arassalar we diş etleriniň sowuklamasyny aýyrýar.  Aloe gülünden sowuklamanyň dermanlary öndürilýär. Mundan başga-da, bu gülden  kosmetiki serişdelerini taýýarlaýarlar. Aloe gülünden taýýarlanan ýüz we deri kremleri ýüzüň derisiniň öwşün atyp,  rahatlanmagy we deridäki allergiýany aýyryjy  ýaly täsirlere eýedir.

Palma güli hem otagy arassalamaga kömek edýän owadan gülleriň biridir. Ol ýörite idegi hem talap etmeýär.

Spartifillum güli bolsa howany arasslamak bilen heňe garşy göreşi hem alyp,  barýar. Şol sebäpli bu otag ösümligini hammam otagynda penjire bar bolsa, şol ýerde goýmak maslahat berilýär.

Zilola DEMIROWA,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň enkrinolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu