Tailandyň milli Täze ýyly bolan «Songkran» baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi barada «TASS» habar berýär.
Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiň 18-nji mejlisi Tailanddaky Songkran baýramyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak baradaky konwensiýasyna laýyklykda, maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizmek kararyny kabul etdi. Şeýle-de, «Khon taý » teatry, adaty massaž we günorta taý tans teatry «Nora» maddy däl miras hökmünde ykrar edildi.
Tailand Songkranyň ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin 2020-nji ýylda öz beýanatyny hödürläpdi. Baýram taý Gün senenamasy boýunça Täze ýylyň başlanmagyny alamatlandyrýar. Ol 13, 14 we 15-nji aprelde bellenilýär. 15-nji aprel taý eýýamynyň Täze ýylynyň ilkinji güni. Baýramyň ady terjime edilende «geçiş» diýmekdir.
Ýeri gelende bellesek, ýakynda Türkmenistanyň teklip etmeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.
Rahman JAJOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Miwe gök önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniň 3-nji ýyl talyby.