15-nji dekabrda hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy.
Asylly däbe görä, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi emele geldi.
Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr. Şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär.
Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen belent başly arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Onuň yzysüre ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalary dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Şu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde belent ruha beslenen Täze ýyl dabaralaryna badalga berildi. Watanymyzyň çar ýanynda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp, bagtyýar çagalaryň joşgunly cykyşlaryna giň orun berildi.
«TürkmenGazet».