15-nji dekabrda Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, aýdymçylar onda öz sesiniň arassalygyny, owazyny görkezdiler. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga ýardam berýär. Şunda aýdym-saz muşdaklarynyň el çarpyşmalary we diňleýjileriň hoşniýetli goldawy sazyň ornuny tutdy. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi, watançylyk temasyndaky aýdymlar ýerine ýetirildi.
Ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi we «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Ýeňijä göçme kubok hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.
Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde Annaberdi Orazmämmedow birinji, Şatlyk Gurbannazarow ikinji, şeýle-de Perhat Öräýew üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
«TürkmenGazet».