
«Gazeta.ru» -nyň habar bermegine görä, «Adidas» brendi aýakgap üçin firma gutusynyň görnüşinde täze trend ýantorba çykardy.
Insatgramda blogerler brendiň täze önümi bilen wideolarydyr suratlary düşürýärler. Ýantorba logotipli gök tanalýan gutusynyň görnüşindedir. Gutunyň içinde şygyrdaýan kagyz bolup, sosial ulgamlary ulanyjylar olary jinsiler we sport egin-eşikleri bilen götermegi maslahat berýärler.
Stilist Aleko Nadirýan ýantorba barada şu pikirlerini paýlaşdy: «Adidas öz firma gutusy bilen ýantorba çykardy. Eger siz muny hiç kim satyn almaz diýip pikir edýän bolsaňyz, ýalňyşýarsyňyz. Sosial ulgamlarda täze ýantorba berilýän synlardan eýýäm ýadadym».
Altynjemal KAKABAÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



