Täze ýyl Ýer ýüzüne haýsy ýurtdan gelip başlaýarka?! Täze ýylyň bellenilmegi şol ýurtda ulanylýan ýerli wagty bilen baglanyşyklydyr. Geliň, bu barada käbir gyzykly maglumatlara seredeliň!
Irki döwürlerde Täze ýyl baýramy tebigatyň janlanýan wagty bolan bahar aýlarynda bellenilipdir. Mart aýy täze ýylyň başlangyjy hasaplanypdyr. Dürli halklar geografik ýerleşişine, howa şertlerine görä aýratyn senenama döredipdirler. Häzirki wagtda bolsa dünýäde birmeňzeş senenama ulanylýar. Bir gije-gündiz 24 sagada bölünip, her ýyl 364 (dört ýyldan bir gezek 365) günden ybarat. Ýurtlaryň ýerli wagtlary halkara wagt guşaklygynda ýerleşýän ýerine görä kesgitlenen. Her ýurduň ýerli wagty Londonyň golaýyndaky başlangyç meridiandan başlap, gündogara gidilende goşulyp, günbatara gidilende aýrylyp kesgitlenýär. Başlangyç meridianyň (UTC+0: Coordinated Universal Time — Bütindünýä utgaşdyrylan wagty) gündogarynda 12 (UTC+), günbatarynda 11 (UTC-) sagat guşaklygy bar. Ýurtlaryň sagatlary bu meridianyň haýsy tarapdadygyna görä kesgitlenýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň wagty UTC+5. Ýagny biziň wagtymyz Angliýanyňkydan 5 sagat öňde. Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanýan wagtynyň 24 sagada deň bolandygy üçin, Ýer togalagynda 24 sagat guşaklygy bar. 0-njy meridian Angliýada hem bolsa, täze bir günüň başlanýan ýeri Ýuwaş ummanynyň üstünden geçýär. Ýer togalagynda 360 meridian bolup, her 15 meridian 1 sagada gabat gelýär. Ýagny her meridianyň arasynda 4 minut tapawut bar.
Sagat tapawudy Ýer togalagynda dikligine (demirgazykdan günorta) däl-de, keseligine (gündogardan günbatara) üýtgeýär. Mysal üçin, Günorta Afrika Respublikasy bilen Finlýandiýanyň arasy müňlerçe kilometr hem bolsa, bu iki ýurtda şol bir wagt ulanylýar. Sebäbi olar şol bir guşaklykda ýerleşýär. Birleşen Arap Emirlikleri bilen onuň ýakyn goňşusy Kataryň arasy näçe ýakyn hem bolsa, 1 sagat tapawut bar.
Täze ýyly garşy alýan ýurtlar hem wagt guşaklygynyň başlangyjyndaky Samoa, Kiribati we Tokelau adalarydyr. Ýuwaş ummanyndaky bu ýurtlar täze ýyla ilkinji bolup gadam basýarlar. Soňra bolsa Täze Zelandiýa hem-de Ýuwaş ummanyndaky 180-nji meridianyň günbataryndaky adalar täze ýyla girýärler. Bu ýurtlarda Täze ýyl feýerwerkleriniň sesi ýaňlanyp başlan wagty biziň ýurdumyzda senenamanyň sahypalary 31-nji dekabry, sagat 15:00-y görkezýär. Soňra Ýuwaş ummanyndaky beýleki adalaryň ýaşaýjylary täze ýyla gadam basýarlar. Onuň yzýany Russiýanyň Uzak Gündogar sebitlerindäki şäherlerde, Awstraliýada, Ýaponiýada täze ýyla girilýär. Şeýlelikde, Täze ýyl Aziýa ýurtlarynyň üsti bilen Ýewropa baryp ýetýär. Soňra bolsa, Atlantik ummanyny aşyp, Amerika barýar. Gawai, Kuk adalary, Fransuz Polineziýasy ýaly ýerlerde täze ýylyň ilkinji minutlarynda Türkmenistanda sagadyň dili 15:00-y, senenama 1-nji ýanwary görkezýär. Şondan bir sagat geçensoň, Amerikan Samoasy, Niue, Midueý adalarynyň ýaşaýjylary Täze ýyly iň soňky bolup garşy alýarlar. Bu adalar baýramçylygy ilki belleýän ýurtlaryň golaýynda ýerleşýär.
Roza DÖWRANGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabat agrosenagat orta hünar okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.