Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO klubunyň açylmagy lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmekde täze ädim boldy.
Dabara bagyşlanan maslahatda, ilki bilen, ýokary okuw mekdebiniň talyplary «Türkmenistan — ÝUNESKO: parahatçylygyň, ösüşiň we sagdyn durmuşyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Soňra hünärmenleriň we beýleki ýokary okuw mekdeplerindäki ÝUNESKO klublarynyň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Nygtalyşy ýaly, «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO kluby bu abraýly halkara guramanyň ileri tutýan maksatlaryna eýerýän we olara gyzyklanma bildirýän talyplaryňdyr mugallymlaryň birleşmesi bolar.
«TürkmenGazet».