Habarlar

«Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçirildi

13-12-2023 / 3

Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Bişkek şäherinde «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçirildi.

Bu halkara festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş etdi. Türkmen teatrlarynyň sahnasynda hem Çingiz Aýtmatowyň eserleri esasynda birnäçe oýunlar sahnalaşdyrylyp tomaşaçylara ýetirilýär.

Şeýle-de, bu sahna eseri şu ýylyň 14 — 16-njy noýabrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyna gatnaşyjylaryna hem görkezilipdi.

Bägül MERDANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu