Ýakynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň nemes diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Magtymgulynyň şygryýetiniň ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şeýle-de, dabaranyň çäklerinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryndan söz açýan sergi guraldy.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlykly barýan günlerimizde Berlinde geçirilen halkara ylmy maslahata hem-de şahyryň nemes dilinde terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň medeniýet, saglygy goraýyş, bilim ulgamynyň wekilleri, alymlar, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Magtymguly Pyragynyň nemes diline terjime edilen goşgular ýygyndysy «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilip, onda şahyryň 130-dan dan gowrak goşgulary ýerleşdirilendir.
Bu ýygynda girizilen goşgular Granada uniwersitetiniň professory Helga Kohrs Kegel bilen onuň ogly Alehandra Muňoz Kohrs tarapyndan terjime edilipdir. Nemes diline terjime edilen goşgulary Barbara Kellner-Heinkele we Gülşen Sahatowa tarapyndan redaktirlenendir.
Tirkeş SAPAROW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 3-nji ýyl talyby.