Siziň üçin...Slider

Mäne baba hakynda rowaýat

11-12-2023 / 20

Beýik söz ussady hem belli ulama Abu Seýit Mäne baba barada aýdylýan rowaýatyň hem terbiýeçilik ähmiýeti diýsen ýokarydyr. Çünki kerwen gurap uzak ýollary söküp gelen argysçylary ýa-da ýolagçy-syýahatçylary talamak, azar bermek biziň illerde külli günä hasaplanypdyr. Bu baradaky bir rowaýatda şeýle diýilýär:

Mäne baba öz şägirtleri bilen Nişapurdan Mänä barýarka, ýolda ýaş ýigitleriň topary ulamanyň ýoluny kesýärler. Mäne baba olardan: «Näme isleýärsiniz?» diýip soraýar. Ýaş oglanlar: «Atdan düş, bize bedewiň gerek» diýip, haýbat atýarlar. Ulama atdan düşýär. Şol wagt kerwenden yza galan şägirtleri gelip ýetişýärler. Muny gören galtamanlar gaçýarlar. Ýöne Mäne baba: «Bedewi şol tüýsi bozuklara beriň» diýip, şägirtlerine tabşyrýar. Şonda şägirtleri: «Halypamyz, biz köplük, olara hiç zat bermäň, goranmaga mümkinçiligimiz bar» diýişýärler. Şonda Mäne baba: «Beýtmek dogry däl, sebäbi men olara şu at siziňki diýdim, beriň olara aty» diýipdir. Şägirtler halypasynyň tabşyrygyny berjaý edýärler. Bibaş galtamanlar aty alyp gidýärler. Mäne baba ýakyndaky obada düşlände, töweregiň ilaty ulamanyň ak patasyny almaga üýşýärler, şonda gaýradaky obanyň ýaşululary oglanlarynyň ýaşlyk edip, ulamanyň göwnüne degendigi, atyny alandygy üçin ötünç sorap, töwella gelýärler. Piriň atyny hem-de onuň ýanynda ýene-de bir gamyşgulak bedewi goşup getirýärler. Emma Mäne baba olaryň günäsini geçýär we: «Biz aty olara berdik, ýüz öwren zadymyzy yzyna almaýarys» diýip, jogap berýär. Şundan soňra bu betpygyl işe baş goşan obanyň ilaty sadaka berip, haj parzyny berjaý edip, ulamanyň göwnüne degleni üçin bagyşlamagyny sorap, Perwerdigäre doga-dileg edip ýasapdyrlar.

Görnüsi ýaly, şeýle rowaýatlar ýaşlary terbiýelemäge, türkmen ynsanperwerligini barha dabaralandyrmaga hyzmat edipdir. Munuň özi gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly boýunça gatnan kerwenleriň ähmiýetine goýulýan hormat-sarpanyň ýokary bolandygyndan habar berýär.

Sähra KERIMBAÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu