Aýazbaba bu täze ýylyň we çagalygyň baş gahrymanydyr. Çagalara sowgat berýän gyşyň jadygöýi hakynda birnäçe gyzykly maglumatlar bar. Aýazbabany:
*Gazagystanda Aýaz ata;
*Azerbaýjanda Şahta baba;
*Gyrgyzystanda Aýaz ata;
*Russiýada Ded Moroz;
*Finlandiýada Ýolupukki;
*Norwegiýada Ýoletomte;
*Ýaponiýada Odzi-San;
*Hytaýda Şan-Dan Laožen;
*Awstraliýada Silwestr;
*Altaý ülkelerinde Sook-Taadak;
*Belgiýada we Polşada Keramatly Nikolaý;
*Angliýada Roždestwonyň atasy;
*Gresiýada we Kiprde Keramatly Wasiliý;
*Mongoliýada Uwlen Uwgun;
*Niderlandiýada Sanderklas;
*Italiýada Babo Natalle
— diýip atlandyrýarlar.
*Aýazbaba elmydama jadyly taýagy bilen ýöreýär.
*Aýazbabanyň horjunyndaky sowgatlar hiç haçan gutarmaýar.
*Aýazbaba tomusda hem işleýär. Ol çagalaryň ugradýan hatlaryny okaýar, arçalary oturdýar, sowgatlary ýasaýar.
*Käbir ýurtlarda 4-nji dekabrdan başlap,Aýazbabanyň isleg-arzuwlary,ýazylan hatlary kabul edip başlanýan güni hasaplanylýar.
Orazgül ATAGARAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.