Siziň üçin...Slider

Baş Roždestwo arçasynyň çyrasy ýakyldy

11-12-2023 / 3

Nýu-Ýork şäheriniň Rokfeller merkezinde Baş Roždestwo arçasynyň çyrasynyň ýakylyş dabarasy ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Agramy 12 tonna bolan 24 metrlik arça 11-nji noýabrda Nýu-Ýork ştatynyň Westal şäherinden getirildi. Onuň bezegi üçin 50 müňden gowrak dürli reňkli lampalardan ybarat bolan, takmynan, 8 kilometr uzynlykdaky bezeg çyrasy gerek boldy.

Arçanyň çür depesini «Swarovski» -niň bahasy 3 million bolan kristaly bilen bezelen hrustal ýyldyz bezedi. Arçanyň çyralary ýakylmazdan ozal bu ýerde konsert geçirilip, oňa Şer, Barri Manilou, Hloýa Beýli, Keke Palmer, Ketrin Makfi, Manuel Turizo ýaly aýdym-saz ýerine ýetirijileri gatnaşdy.

Geçmişe ser salsak, Roždestwo arçasy ilkinji gezek 1931-nji ýylda Rokfeller merkeziniň töwereginde dikilipdir. 1933-nji ýyldan bäri çyra ýakylyş dabarasy yzygiderli geçirilýär, 1951-nji ýyldan bäri bolsa bu dabara telewideniýe arkaly halka ýetirilýär.

Selbi ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu