Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli Hödürnamasyna Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde seredildi.
Ýaňy ýakynda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça Hökümetara toparyň 18-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi yglan edildi. Geçirilen bu dabaraly çärä Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili, ýurduň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa gatnaşdylar.
Sessiýanyň dowamynda jemi 55 täze hödürnama gözden geçirilip, şolardan 45-si adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna, 6-sy gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni miras sanawyna hödürlendi.
Bakyguly ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.