Siziň üçin...Slider

2024-nji ýylyň reňki: «Peach Fuzz»

11-12-2023 / 3

Pantone halkara gözleg instituty ýetip gelýän täze 2024-nji ýylyň esasy reňkini mälim etdi.

Gelnen netijä görä, 13-1023 «Peach Fuzz» şetdaly reňki saýlanyldy. Peach Fuzz – aňlatmasy tüýjümek şetdalynyň gabygyny örtýän ýumşak tüýjagaz diýen manyny berýär.

Halkara gözleg instituty bu reňki ýyly we rahat adamyň duýgudaşlygyny, daş-töweregindäkiler bilen ýakyn bolmak islegini aňladýan, şeýle-de özüň hem-de beýlekiler barada alada etmek islegini görkezýän hökmünde häsiýetlendirdi.

Pantone reňk institutynyň ýerine ýetiriji müdiri bolan Leatris Eýsman: «Bu reňk aňyňy, bedeniňi we ruhuňy baýlaşdyrýan mahmal, näzik şetdaly öwüşgini» – diýip, belläp geçýär.

Pantone 2023-nji ýylyň esasy reňki hökmünde bolsa 18-1750 Viva Magenta malina-gyzyl reňki saýlapdy.

Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu