Habarlar

Messi üçin ýörite sport aýakgaby döredildi

11-12-2023 / 3

Argentinanyň milli ýygyndy toparynyň meşhur oýunçysy Lionel Messi üçin dizaýner ýörite sport aýakgabyny döretdi.

Ýörite aýakgap dizaýneri Nike SB Dunk Low reňkler gammasyny «What the Messi» diýip atlandyrdy. Aýakgabyň her bir reňkiniň we her bölejiginiň ýatda galyjy bir hekaýaty bardyr. Dizaýn Messiniň karýerasynyň dowamynda geýen birnäçe futbolkasyndan ylham alnypdyr. Muňa «Barselona», «PSŽ», «Inter Maýami» hat-da «Newell’s Old Boys» retro formasy hem girýändir.

Mundan başga-da, dizaýner 2014-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ýol eşigi toplumyny hem ulandy. Messi öz ilkinji gatnaşan dünýä çempionatynyň finalynda (0:1) Germaniýadan utulypdy. Netijede, «2022-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň çempionlary» ýamasy «Inter Maýami»-niň  häzirki reňkleri bilen birlikde krossowkanyň sag peteginde we Messiniň futbolkasynyň belgisi çep peteginde şekillendirilendir

A, siz janköýeri bolan ýyldyzyňyz üçin näme döredip bilersiňiz?

Ýakup MAWUÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu