Her gülüň özboluşly ysy we owadanlygy bar. Ýöne biziň ählimiz bägüli gülleriň soltany hasaplaýarys. Arheologik barlaglaryň netijelerine görä, bägüller Ýer ýüzünde 25 million ýyldan bäri, medeni ösümlik hökmünde bolsa 5000 ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Şol döwürden bäri ol dostlugyň, söýginiň nyşany hasaplanylýar.
Bägüller köp ýurtlarda ekilip, ynsany diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, janyňa hoş ýakýan ysy bilen hem özüne melul edipdir. Aslynda, bägülleriň mekany gadymy Parsiýa döwleti hasaplanylýar. Beýik soltanlaryň köşkleri, äpet derwezeleri, toýundan, altyn-kümüşden ýasalan gap-gaçlar, küýzeler, haly we palas önümleri, Müsür faraonlarynyň mazarlary bägülüň ajaýyp keşbi bilen bezelipdir. Tebipler bägül gülünden alnan ýagdan dertlilere derman ýasapdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen Geradot öz ýazgylarynda bägüli taryplapdyr. Gadymy Hytaý akyldary Konfusiý bu täsin gülüň ösdürilip ýetişdirilişi barada ýazyp gidipdir.
Halk rowaýatlarynyň birinde aýdylyşyna görä, günlerde bir gün erkana uçup ýören bilbil ak bägülüň gözelligine aşyk bolup, şanyna nama düzüp, uzynly gün şirin owazy bilen saýrap oturypdyr. Bägülüň aklyňy haýran edýän gözelligine, hoşboý ysyna imrigip, bägüli bagryna basypdyr weli, onuň ýiti tikeni bilbiliň gursagyna çümüp, ondan akan gyzyl gan ak bägülüň çog gyzyl reňke öwrülmegine sebäp bolupdyr. Ine, şondan bäri bägülüň daşynda perwaz eýlän saýrak bilbil bilen al ganyň reňkine boýalan bägül aşyk-magşuklaryň ömürlik ýaranyna öwrülipdir.
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.