Siziň üçin...Slider

Täsin guşlar

08-12-2023 / 4

Dag meýnesi

Dag meýnesi Günorta Aziýada, Hindistanyň demirgazygynda Günorta Gimalaý daglaryna çenli hem-de Türkmenistanyň Gündogarynda giňden ýaýrandyr. Dag meýnesi — öz watanynyň çäklerinde oturymly ýaşaýan guş. Bu guş biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 1963-nji ýylda Köýtendagyň eteginde hasaba alyndy hem-de Owganystandan tötänden uçup gelen görnüş hasap edilýär. Daglyk sebitlerde dag meýnesi 120 — 150 metr beýiklikde ýaşaýar, ýöne dag eteklerinde bolsa onuň ekerançylyk ýerlerinde hem duşmagy mümkin.

Owgan ýer serçesi

Owgan ýer serçesi geçen asyryň 50-nji ýyllarynda ilkinji gezek seýrek duş gelýän görnüş hökmünde Bathyzda we Garabilde hasaba alyndy.

Owgan ýer serçesi bilen hindi we garadöş serçeleriň örän meňzeşdikleri sebäpli olary biri-birinden saýgarmak örän kyn. Serçeleriň bu görnüşi beýlekilerden guýrugynyň gapdalyndaky inli açyk reňkli zolagynyň bolmagy bilen tapawutlanýar. Ýer serçesi oturymly göçüp-gonýan guş hökmünde baýyrlyk sähralyklarda, şorluk çöketliklere we oýlara ýanaşyk ýerlerde gabat gelýär.

Taýýarlan: Aýlar SAPARMEDOWA,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniñ Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu