Habarlar

Baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy

08-12-2023 / 3

5-nji dekabrdan başlap Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Halkara Bitaraplyk gününe we ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy.

Mälim bolşy ýaly, 30-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Olarda raýatlarymyzyň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlar bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baýramçylyklarda dürli tagamlardan doly naz-nygmatly desterhan açmak halkymyzyň asylly däplerinden biridir. Baýram günlerinde her bir türkmen maşgalasy milli tagamlary taýýarlaýar we baýramy bilelikde dabaraly bellemek üçin gadyrly myhmanlary kabul edýär.

Raýatlara amatly bolmagy üçin göçme söwda nokatlary diňe merkezi bazarlarda däl, eýsem, ýaşaýyş ýerlerine ýakyn aralykda hem açylýar we olar ýurdumyzyň öňdebaryjy öndürijileriniň azyk önümlerini hödürleýärler.

Hiwali HÜMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu