SliderTagamlary taýýarlamak

Şokolad banan pudingi

07-12-2023 / 18

Eger-de öýüňizde daşy garalyp başlan bananlaryňyz bar bolsa, gysga wagtyň içinde şekersiz şokolad banan pudingini taýýarlap bilersiňiz.

Taýýarlyk wagty: 15 minut.

Gerekli önümler:

6 sany saralyp bişen banan;

200 gr gara şokolad;

100 ml süýt;

1 çaý çemçesi wanil ekstrakty;

Ýarym çaý çemçesi gyzgyn burç tozy.

Taýýarlanylyşy:

* Şokolad we süýdi ownuk aýna tabaga goýuň, şokolad eredip gowy edip garmaly.

* Ilki bilen banany kesiň. Soňra şokolad garyndyňyza wanil ekstraktyny we gyzgyn gyzyl burç tozy goşup garyň.

* Pudingi kiçijek jamlara bölüp sowadyjyda 3-4 sagat ýa-da bir gije goýuň. Soňra oňa isleýşiňiz ýaly bezeg beriň.

Işdäňiz açyk bolsun!

Ýulduzhan NARMETOWA, 
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu