2023-nji ýylyň esasy sözi hökmünde Oksford sözlügini çykarýan neşirýat «rizz» sözüni saýlap aldy. Bu barada «gazeta.ru» saýty habar berýär.
«Biziň dil boýunça hünärmenlerimiz bu sözi diliň jemgyýetde giňden ýaýramazdan ozal belli bir sosial we ýaş toparlarynda nähili emele gelýändiginiň mysaly hökmünde saýladylar» diýip, neşirýatyň wekilleri belläp geçdiler.
Rizz – sözi adamyň mähirliligini we özüne çekijiligini, şeýle-de onuň aňsatlyk bilen ýoldaş tapynmak ukybyny aňladýar. Aslynda, bu söz «charisma» sözüniň gysgaldylan görnüşidir.
Ýatlap geçsek, geçen 2022-nji ýylda Oksford sözlügi «goblin mode» sözüni ýylyň sözi hökmünde saýlapdy. Bu adamyň ýaltalyga, sölpülige ýol bermegi bilen baglanşykly özüni alyp barşy diýmegi aňladýar.
Guwanç SAPARMÄDOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hajalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniñ Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.