Maşat-Misserian minarasy gadymy ýadygärlikleriň biri hasaplanýar. Onuň belentligi 20 metre çenli ýetýär. Bu minara başgaça Abu Jafar Ahmediň minarasy hem diýlip atlandyrylýar.
Minara kerpijiniň nagyşly örülişiniň kämilligi bilen hem-de desganyň sütüniniň daşyna üç gezek aýlanan arap hatly lentasy bilen täsindir. Minarada portallaryň sütünleri-de alebastran edilen palçyk arkaly bişen kerpiçden örülipdir. Relýef ýazgylary kerpiçden kufa stilinde ýazylypdyr. Massonyň düşündirişine görä, ortaky tekstde şeýle diýilýär: «Eziz keremli Allanyň hormatyna! Allanyň medetkärliginde! Rabadyň eýesi Aby-Japar Ahmet Abu-El -Agara oglunyň buýruk berenliginden, goý, ony Allah belent etsin!»
Horezm şalarynyň döwlet ulgamyna giren orta asyr şäheri Misserian Türkmenistanyň söwda we senetçilik merkezleriniň ulularyndan biri bolupdyr. Onda Horezm şalarynyň döwründen galan ýeke-täk ýadygärlik, köpçülikleýin ybadathana metjidiniň galyndylarydyr. Metjidiň ortasy howuzly, töweregi gümmezli galereýa bilen gurşalan gönüburçly howlusy bolupdyr. 18 metrlik portal galereýanyň üstüne abanyp duran eken.
Maşat gonamçylygy. Gadymy şähristanyň ýedi kilometr golaýyndaky köne öwlüýäniň çäginde orta asyr aramgähleriniň birnäçesi we Maşat atanyň zyýarathana öwrülen kiçeňräk metjidi özüniň başky durkuny saklap galypdyr. Bu metjit ilkibada çig kerpiçden salnypdyr. Onuň dörtgyraň jaýynyň daşyna bir gat bişen kerpiç örtülipdir we onuň üstünde täze gümmez galdyrylypdyr. Gaýta-gaýtadan abatlaýyş işleriniň geçirilmegi hem-de goşmaça jaýlaryň gurulmagy metjidiň başky keşbini düýbünden üýtgedipdir. Maşat gonamçylygynda saklanyp galan dört sany atsyz aramgäh bişen kerpiçden salnypdyr. Olaryň ählisiniň üstünde gönüburçly ýa-da tegelek görnüşdäki gümmezler bar. Olarda bezeg maksatly tegelek ýa-da gapyrga şekilli diňjagazlar ulanylypdyr. Daşlaryna suwalan albesteriň yzlary heniz hem galypdyr.
Güljemal GRANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.