Geliň, bu gün ähli adamlara we umumy öýümiz bolan planetamyzyň has gowy geljegini emele getirmäge ygtyýarlyk berilmegini üpjün etmek baradaky borçnamamyzy täzeläliň.
Ykdysady we sosial ösüş üçin bütindünýä meýletinçiler güni: «Kollektiw hereketiň güýji: Her kim öz wezipesini ýerine ýetirip bilse» atly şygar astynda geçirilýär. Ýagny her kim meýletinçi bolsa, dünýämiz has gowy ýer bolardy. Sekiz milliarddan gowrak adamyň meýletinçi bolandygyny göz öňüne getiriň. Munuň netijesinde durnukly ösüş üçin çäksiz mümkinçilikleri döredip bolar – hemmeler üçin azyk we bilim, arassa we sagdyn gurşaw, asuda jemgyýet.
Meýletinlik – dünýädäki sosial, ykdysady we daşky gurşaw meselelerini çözmek üçin ägirt uly täzelenýän çeşme. Dünýä barha artýan kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolanda, meýletinçiler köplenç ilkinji bolup kömek edýärler. Meýletinçiler, köplenç gaty çylşyrymly we kyn ýagdaýlarda adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen Halkara meýletinçiler güni her ýyl 5-nji dekabrynda bellenilýär. Bu gün meýletinçiler we guramalar pikir alyşmak we ýerli jemgyýetleriň, hökümete dahylsyz guramalaryň (HDDG), BMG-niň guramalarynyň, döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň arasynda işini ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Meýletinçileriniň (UNV) maksatnamasy her ýyl müňlerçe meýletinçini ýygnamakdan başga-da, meýletinçileriň ykrar edilmegini goldamak we meýletinçiligi ösüş maksatnamalaryna goşmak üçin hyzmatdaşlar bilen işlemek arkaly parahatçylyga we ösüşe goşant goşýar. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde meýletinçiligiň orny güýçli goldawa mynasyp.
Meýletinçiler – boş wagtlaryny jemgyýetiň peýdasyna geçirýän adamlardyr.
Farangiz TORAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.