
Astanababa taryhy-binagärlik ýadygärligi ýurdumyzyň meşhur taryhy binalarynyň biri bolup, ol ХII-ХVI asyrlara degişlidir. Şonuň ýaly-da bu ýer keramatly ýerleriň biri hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir.
Bu ýadygärlik hakynda bize gelip ýeten rowaýatlara görä, Balhyň hökümdary öz gyzyny Zemmiň (häzirki Kerki şäheri) hökümdarynyň ogluna durmuşa çykarypdyr. Takdyryň emri bilen hökümdaryň gyzy Zemmde aradan çykypdyr. Hasrat çekýän hökümdar öz gyzynyň guburynyň üstüne kümmet galdyrmagy buýrupdyr. Emma gurulýan bina birnäçe gezek öz-özünden ýumrulypdyr. Şonda hökümdar oraşan düýş görenmiş. Düýşünde oňa gije Mekgeden toprak we suw alyp gelmegi hem-de gurluşykda şolary peýdalanmagy maslahat berlenmiş.
Hökümdaryň emri bilen Mekgeden getirilen toprak gurluşykda peýdalanyljak topraga garylypdyr, suw bolsa şol ýerdäki guýa guýlupdyr. Diňe şondan soň, galdyrylan bina ýumrulmandyr we biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Bu ýadygärlik Orta asyr binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasy bolmak bilen, türkmen halkynyň gadymy binagärlik sungatynyň näderejede beýik we kämil bolandygyny subut edýändigi bilenem uly taryhy ähmiýete eýedir. Şonuň ýaly-da, bu bina halkymyzyň gadymy milli ruhy-ahlak ýörelgeleriniň, ynançlarynyň we däp-dessurlarynyň ýüze çykýan ýeri hökmünde-de möhüm ähmiýete eýedir. Çünki bu ýere zyýarat etmek, ýagşy niýet-arzuwlary ýüreginde beslemek, ruhy-ahlak babatda päklenmek ýaly däplerde merdana pederlerimiziň kemala getiren we nesilden nesle geçirip gelen ynsanperwerlik, adalatlylyk, ýagşylyk ýaly ajaýyp ýörelgeleri öz beýanyny tapandyr. Däp-dessurlar, ynançlar bolsa milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir.
Ergeşbaý ROZYÝEW,
Çärjew etrabynyñ Farap şäheriniñ 42-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.



