
Ýedi derýanyň suwuny içen — aňlatmasy «diýseň mekir, durmuş tejribesi uly, etjegi içinde, köpügören, köp çarşenbäni başyndan geçiren» diýen ýaly manylarda ulanylýar. Mysal üçin, «ol öz obasynda ýedi derýanyň suwuny çen, köpügören kempir diýlip tanalýardy».
Pikir derýasyna gark bolmak — söz düzümi çuňňur oýlanmak, bütin durkuň bilen oýa batyp, pikirlenmek ýaly manylarda ulanylýar. Meselem, «Orazsoltan ejäniň perişan halyna gözi düşende, ol öňküden-de beter ot bolup tutaşdy. Ýüregi urup, kükregini ýaryp çykara geldi: başyny ýaýkap, öňküden-de beter pikir derýasyna gark boldy. Uludan-uludan demini alyp, ýene başyny aşak saldy». Bu durnukly söz düzümine ýene-de bir mysal, «Näme üçin gepleşikleriň şertini biz kesgitlemeli däl? Bu hukugy türkmenlere nähili berendigimizi hem duýmandyrys» diýip, pikir derýasyna gark bolan Ryzaguly hanyň uzak wagtlap gözüne uky gelmedi. Gözlerine çiş kakylan ýaly bolup ýatdy«.
Gam derýasyna gark bolmak — durnukly söz düzümi gam-gussa batmak, gamgyn bolmak ýaly manylary aňladyp gelýär. Mysal üçin, «Orazsoltan eje otsuz-ojaksyz gara öýüň içinde, başyna atynan köneje donunyň ýeňini dişläp, dyzynyň üstünde eňegini goýup, golundan aldyran gyzynyň agyr hal-ýagdaýyny birme-bir göz önünden geçirip, gara gününiň gam derýasyna gark bolup otyrdy».
Pikir derýasynda (kötünde) ýüzmek — çuň pikire gitmek, irginsiz, köp pikir etmek ýaly manylary aňladýar. Mysal üçin, «Ol özüniň kiçijik gaýygy bilen uçsuz-gyraksyz, gaýlan deňziň ortarasynda tupanda galan deňizçi ýaly, pikir derýasyny gulaçlap ýüzýärdi, kenary tapyp bilmän urunýardy».
Derýa ýaly giň — adam babatynda aýdylýan aýtgy. Sähel zada gahary gelmeýän, sowuk ganly, geçirimli, darykmaýan, parasatly, belent adamkärçilikli, edepli adam. Hormatly Prezidentimiziň «Alem içre at gezer» romanynda: «adamlaryň arasynda: „Äl, şü Anna serdaryň göwrümi giň-ow, asyl deňiz-derýa ýaly adam. Başga biri bolsa, jibrinip jigirdek bolardy, bu bolsa ýylgyryp oňaýýar“ diýip, gürrüň ederdiler» ýaly setirleri muňa mysal hökmünde getirmek bolar.
Nuhuň tupany — Nuh pygamberiň döwründe dünýäni suw-sil aldyran tupan. Bu durnukly anlatma, birinjiden, türkmen diliniň deňizçilik leksikasynda güýçli tupanyň turmagyny aňladýan bolsa, ikinjiden, gadymy döwre degişli gürrüňler bilen baglanyşykly ulanylýan durnukly aňlatmadyr. Mysal üçin, «Perman Kany batyryň hüý-hasiýetlerini aňlamagy ýüregine düwenem bolsa, hiç bir aňlap bilen zady bolmady. Sebäbi ol munuň gürrüňinden hiç baş çykaryp bilmedi. Sebäbi bu birden-ä Nuhuň tupanyndan gürrüň berip otyr. Birdenem şu günüň gürrüňini edip otyr. Birden Bagdat daglarynda, Mazenderan jülgelerinde gezen ýerleriniň gürrüňini edip otyr, bir görseňem düýnki urup gelen awlaryndan söz açýar».
Apy-tupan gopmak — durnukly aňlatmanyň birinji manysy tozanly ýa-da ýagynly güýçli ýeli, harasaty, elhenç gaýy aňladýan bolsa, onuň ikinji manysy göçme manyda ulanylyp, adamda ýüze çykýan içki güýçli howsalany aňladýar. Mysal üçin, «Öwezmyrat batyr welin her näçe agyr bolsa-da, ruhy dünýäsinde her neneňsi apy-tupan gopsa-da, öňki bolşuny saklap, parahat gyşaryp ýatyrdy».
Taýýarlan: Daýanç GURBANOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



