
Käbir çykan maglumatlara görä, kino dünýäsiniň iň uly sylagy bolan Oskar baýraklarynyň nobatdaky gowşurylyş dabarasynyň alypbaryjysy mälim edildi.
2024-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriljek 96-njy Akademiýa baýraklaryny belli komediýaçy, «talk-show» ýyldyzy Jimmi Kimmel alyp barar. Bu dabaranyň 4-nji gezek alyp baryjysy bojak Jimmi Kimmel ilkinji gezek 2017-nji ýylda-da Oskar baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynyň alypbaryjysy bolupdy.
Kimmeliň alyp baran şu ýylky dabarasynda «Everything Everywhere All at Once» filmi iň gowy film saýlanypdy.
Wepa BERDIMYRADOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.



