BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda kabul edilen kararnama laýyklykda, 4-nji dekabr Halkara banklar güni diýlip yglan edildi. Bu baýramçylygyň bellenmeginiň ähmiýeti banklaryň köpugurly ösüş mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr. Banklar adamlaryň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Jogapkärçilikli bank ýörelgeleri durnukly bank ulgamy üçin esas döredýär we ulgamyň jemgyýete nähili oňyn goşant goşýandygyny görkezmäge kömek edýär. Bank ulgamy işiň ähli ugurlarynda durnuklylygy üpjün etmäge goşant goşýar. Şeýle hem banklara BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem uly orun degişlidir. Dünýäde milli, halkara we sebit derejesinde müňlerçe bank bolup, olar milli maliýe ulgamynyň özenini düzýärler.
Sumbar BABAHANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.