- Okyjyda : “Şunuň ýaly kitaby men hem ýazyp bilerdim” diýen pikiri döredýän kitaplar iň oňat kitaplar hasaplanýar.
A.Paskal
- Gowy kitaba tötänden duş gelen adamyň şondan soň bütin ykbalynyň başgaça bolup gitmegi mümkindir.
Prewo
- Zähmet asylly işiň gönezligidir. Ol dörediji adamyň güýç-kuwwaty hem şatlygydyr.
R.Rollon
Ýiti zehin, bilim – adamyň bagty,
Şonsuz seniň gijäň bolmaýar ýagty.
Rudaky
- Ymam Gazalydan şeýle ylymly bolmagynyň sebäbini soranlarynda, ol: “Men bilmeýän zadymy soramakdan çekinmedim” diýip jogap beripdir.
- Kimde-kim bilim alyp şondan durmuşda peýdalanyp bilmese, ol adam ýer sürüp, tohum sepmeýän mysalydyr.
Saady
- Kitaplar – paýhasyň perzentleri.
J.Swift
- Kitabymyz öz ömrüni paýawlaýança biz diridiris.
M.Sewine
Gury sandyr adam bolsa bilimsiz,
Gataty gyryk guş uçmaz , biliň siz.
Senaýy
- Peýdasyz telim kitapdan peýdaly bir kitap ýagşy.
L.Seneka
- Ähli okyjylaryň göwnünden turýan kitaby ýazmak asla mümkin däldir.
M.Serwantes
- Adamy okaýan kitabyndan tanamak bolar.
S.Smaýls
- Söz täsir etmese, taýagam täsir etmez.
Sokrat
Ylym hem aň-paýhas ýetmese derhal,
Dymyp oturmaklyk edepdir herhal.
Ferdöwsi
- Erbet ýoldaş ýaly, ýaramaz kitabam bizi ýoldan çykaryp biler.
G.Filding
- Kitapsyz öý jansyz göwrä çalymdaşdyr.
Siseron
Toplan: Gülendam HUDAÝKULOWA,
Köýtendag etrap Dostluk şäher kitaphanasynyň redaktory.