
«Forbes.ru» -nyň habar bermegine görä, «Inter Maýami» -niň argentinaly meşhur hüjümçi Lionel Messi «FourFourTwo» neşiri tarapyndan XXI asyryň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.
Lionel Messi 2003-2021-nji ýyllar aralygynda Barselona toparynda çykyş edip, 10 gezek Ispaniýanyň çempiony bolmagy başardy. Şeýle-de dört gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy. Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň altyn medalyna mynasyp görüldi.
Nazar KALANDAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



