Balzak eser ýazanda hökman öňünde şem ýanyp durmaly eken. Her gün belli bir sahypa ýazmaga endik edinen meşhur ýazyjy ýazan wagty köplenç başyna ýüň ýaglyk daňyp, aýaklaryny hem suwa sokar eken.
Balzak eserlerindäki gahrymanlarynyň durmuşda hakykatdanam ýaşaýandygyna ynanypdyr. Balzak agyr syrkawlap ýatanda romanlarynyň birindäki lukmanyň adyny tutup, şony çagyrmaklaryny haýyş edipdir. Ol agyr halda ýatyrka: “Meni bu keselden diňe şol lukman halas eder” diýip, zol-zol gaýtalaýarmyş.
Aleksandr Dýuma iň bezemen eşiklerini geýip, ýakasyna-da bir güljagaz ildirip, soň ýazuw stolunyň başyna geçýär eken. Dynman ýazmagy özüne endik edinen ýazyjy hyzmatkärine otygynyň daşyndan gulpladyp, ýazýan zadyny tamamlaýança daşaryk çykmandyr.
Dante bolsa belli bir zada ünsüni jemlemekde deňsiz taýsyzlaryň biri eken. Bir gün ol köçäniň gyrasynda oturyp üç sagatlap kellesini galdyrmak kitap okapdyr. Kitaby okap bolandan soň, köçede uly dabaranyň bolup geçendigini aýtsalar, ýazyjy muňa ynanmandyr. Sebäbi uly şowhun onuň ünsüni sähelçe-de bozmandyr.
Anton Pawlowiç Çehow “döredijilik işine juda päsgel berýär” diýip, hakyky käri bolan lukmançlygy taşlaýar.
Iňlis ýazyjysy Çarlz Dikkens nirede bolsa-da, krowadyny kompasyň görkezýän ugry boýunça süýşürip, kellesini mydama demirgazyga goýup ýatypdyr. Ol diňe şeýle ýatanda ýeriň elektromagnit togy öz bedeninden oňaýly ýagdaýda geçýändir öýdüp pikir edipdir.
Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” atly romany çap edilen soň ýazyjyny “ýygnap” azar-ýamanyny berýärler. Romanyň ýokary çeperçiligi ýazyjynyň öň haçanam bolsa bir wagt jenaýat edendigini dogrusynda hukuk goraýjylary şübhelendiripdir.
Beýik rus ýazyjysy Lew Nikolaýewiç Tolstoý örän sagdyn adam bolupdyr. Ýaşlygynda ol inçekeseli ýeňip geçipdir. Ýazyjy 75 ýaşynda welosiped sürmegi öwrenipdir, 80 ýaşynda atyň eýerinde ykjam oturyp 20 wýorst (1 wýorst=1.06 km) aralyga çapdyryp gitmegi başarypdyr.
Edebi işinden gaty ýadan wagty Lew Nikolaýewiç başga işlere gümra bolupdyr. Grek dilini öwrenipdir, hojalyk işlerine güýmenipdir, daýhanlaryň çagalary üçin harplyk ýazypdyr, filosofiýa degişli kitaplary okapdyr, makalalar ýazypdyr. Ýazyjy ömrüniň ahyryna çenli hökgerip galan garra öwrülmändir.
Gülnar GELDIÝEWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.