
«Xiaomi Group»-yň prezidenti, Halkara bölümiň prezidenti we «Redmi» brendiniň baş menejeri Lu Weýbingiň aýtmagyna görä, brend soňky 10 ýylda bir milliarddan gowrak «Redmi» smartfonyny satyp, ajaýyp rekord gazanmagy başardy.
«Redmi» brendi 2013-nji ýylyň 31-nji iýulynda «Xiaomi»-iň bir bölegi hökmünde döräp, ol arzan bahadan ýokary hilli smartfonlary hödürleýän täze önüm setirini döretmek göz öňüne tutulypdy. 2019-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda «Xiaomi» «Redmi»-ni garaşsyz kiçi brende öwrüp, oňa has özbaşdaklyk bermek arkaly strategiki ädim ätdi. Bu möhüm döwri bellemek üçin Lu Weýbing soňky on ýylda «Redmi»-niň ösüşinde möhüm rol oýnan esasy üpjünçilik zynjyryndaky hyzmatdaşlaryny çagyryp, ýörite dabara gurapdy.
Şeýle-de «Redmi K70» seriýasy ýakyn günlerde satuwa çykar.
Toýlymyrat REJEPOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.