Siziň üçin...Slider

Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügine 950 ýyl!

29-11-2023 / 7

2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň çäklerinde türki şiweleriniň ýygyndysy bolan Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» sözlüginiň 950 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler.

Azerbaýjanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň maglumatlaryna görä, bu karar ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji sessiýasynda kabul edildi. Mundan başga-da, sessiýada meşhur azerbaýjanly binagär Ajemi Nahçywaniniň 900 ýyllygyny bellemek kararyna gelindi. «Diwany lugat at-türk» türki dilleri giňden öwrenen türkolog Mahmyt Kaşgarly tarapyndan 1072 – 1074-nji ýyllarda düzülen türki dilleriň ilkinji doly sözlügidir.

Ýeri gelende aýtsak, hut şu sanawa beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi hem 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Munuň özi Gündogar edebiýatynyň ägirt söz ussatlaryna halkara derejede uly üns berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Aýnur HABIBULLAÝEWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu