Amerikanyň iň gadymy sözlük neşiri bolan «Merriam-Webster» şu ýyl «authentic» sözüniň iň köp ulanylan sözdügini mälim etdi. Sosial torlar, şahsyýetler, meşhurlar we emeli intellekt barada söhbetdeşlikler hem-de hekaýalar bu söze bolan gyzyklanmanyň, esasanam, şu ýyl artmagynyň sebäbi hökmünde görkezildi.
Aslynda, «authentic», ýagny, «hakyky» — sözüniň – galp däl, öýkünmeýän, şahsyýetine, ruhuna ýa-da häsiýetine laýyk ýaly birnäçe manylary bar. Sözlükde bu sözüň hakyky we ýasama arasyndaky baglanyşygyň gitdigiçe bulaşmagynyň netijesinde meşhurlyk gazanylandygy aýdylýar. Esasanam, emeli intellektiň durmuşymyza ornaşmagy bilen, bu näbellilik hakyky we nämäniň ähmiýeti has möhüm boldy.
Ýene bir tarapdan, «X» platformasynyň eýesi Ilon Mask sosial mediada «Adamlar has ygtybarly bolmaly» diýen ýazgyny paýlaşdy. Bu söz gözlegleriniň artmagyna sebäp boldy.
«Merriam-Webster» 2022-nji ýylda ýylyň sözi hökmünde «gaslighting» ýagny «yşyklandyryjy» diýen sözi ýylyň sözi diýip saýlapdy. Yşyklandyryş, başga biriniň bilkastlaýyn aldamak, esasanam, öz bähbidi üçin we psihologiki manipulýasiýa arkaly kimdir birini şübhelenmäge synanyşmak diýen manylarda hem gelip bilýär.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.