Habarlar

Hindistanda beýik akyldaryň goşgular ýygyndysy tanyşdyrylar

29-11-2023 / 3

2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.

Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde medeni çäreleriň hem birnäçesi geçiriler. Türkmenistan Hindistan Respublikasyny möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hasaplap, onuň bilen hyzmatdaşlygy, deňhukukly we uzakmöhletleýin esasda gurulýar.

Şeýle-de, türkmen-hindi gatnaşyklary barha işjeň häsiýete eýe bolup, bu ugurda ulgamlaýyn hyzmatdaşlyklar yzygiderli ösdürilýär. Çünki ýurdumyz dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, onuň hukuk binýady işlenip düzüldi.

Bu günki gün döwletara gatnaşyklaryna dostlukly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak, ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça taraplaryň özara düşünişmegi mahsus bolup durýandyr.

Selbi ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu