Habarlar

Smartfon satuwy 11% pese gaçdy

28-11-2023 / 2

«forpost-sevastopol.ru» saýtynyň habar bermegine görä, üçünji çärýekde Ýewropada smartfon satuwy 11% pese gaçdy. Bu görkeziji Ýewropa bazarynda smartfon söwdasynyň 2011-nji ýyldan bäri görkezen iň pes derejesi hökmünde hasaba alyndy.

«Samsung» 32% paý bilen häirki wagtda Ýewropa bazarynda öňdebaryjylygyny saklaýar. «Apple» Ýewropa bazarynda ikinji orny eýeleýär, ol umumy söwdanyň 24% tutup, onuň yz ýany «Xiaomi» 22% paý bilen üçünji orny saklamagy başardy.

Ilkinji bäşlikdäki kompaniýalaryň galanlary ep-esli gowşak netijelere eýe boldy. Has dogrusy, «Realme» 4%, «Honor» 3% paý aldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu