
Paýtagtymyz Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň dabaralary ýokary derejede dowam edýär. Janköýerlere erkekleriň arasynda ýedi, zenanlaryň arasynda hem sekiz agram derejesinde gyzykly tutluşyklara tomaşa etmek garaşýar. 27-nji noýabrda Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy.
Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar üçin giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Maksatnamanyň çäklerinde olar ýurdumyzyň dürli muzeýlerine, «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Seýit Jemaleddin metjidine, ýaryşlara tomaşa etmek üçin ýörite janköýer zolaklary döredilen «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp görýärler. «Aşgabat» kinoteatrynda kino görkezilişleri, myhmanlaryň Arkadag şäheriniň gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmaklary üçin gezelençler guralýar.
Çempionata taýýarlyk görmegiň çäklerinde türkmen türgenleri daşary ýurtlarda guralan birnäçe türgenleşiklere hem-de halkara ýaryşlara gatnaşdylar. Olar bu iri sport ýaryşyna taýýarlygyň jemleýji tapgyryny Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda geçirdiler. Bu ýerde ýaryşlara netijeli taýýarlyk görmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Bir ýagdaýy aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara, medallara eýe bolýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 243-sine gatnaşyp, 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç, umumylykda 674 medala mynasyp boldular. Bularyň ählisi sport ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraý-mertebesiniň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Bahargül DURDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



