
Häzirki wagtda durmuşymyzy tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Elbetde, daşary ýurt dilini öwretmekde hem tehnologiýany ulanmak örän möhümdir.
Tehnologiýa daşary ýurt dillerini öwrenmekde, dil öwrenişini ösdürmekde, okamak, ýazmak, diňlemek we gürlemek ýaly endiklere has tiz we aňsat düşünmekligi üpjün edyär. Sebäbi tehnologiýa çäksiz maglumat çeşmeleri bilen üpjün edilendir.
Sözleýiş endiklerini öwretmegiň esasy maksady aragatnaşyk netijeliligi bolup durýar. Dil öwrenýänler häzirki başarnyklaryny ulanyp, dürli diller bilen bir hatarda, iňlis dilini özleşdirip bilerler.
Sözleýiş endiklerini ösdürmäge niýetlenen çäreler işiň höwesini artdyrmak, özbaşdak oýlanyp bilmek, netijä gelmek, birek-birek bilen özara gatnaşyk saklamak, diňlemek, gürlemek ýaly häsiýetlere eýedir.
Sözleýiş endiklerini ösdürmäge niýetlenen çäreleri has netijeli guramak üçin şu ýagdaýlary işe girizmek möhümdir. Olar:
- amaly işiňi görkezmek;
- dürli usullar bilen düşündirmek;
- gaýtalamak arkaly duşündirmegi çuňlaşdyrmak;
Sözleýiş endiklerini ösdürmäge niýetlenen çäreleriň janly ýagdaýda, interaktiw we gyzykly guralmagy oňat netije gazanmagyň şertidir.
Muhammet ANNAMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



