Siziň üçin...Slider

Sanly tehnologiýalaryň durmuşymyzdaky orny

27-11-2023 / 4

Sanly ulgam, onuň san ýetmez mümkinçilikleri hakyndaky söhbetiň soňuna çykma ýok. Ol gürrüň, edil, sanly dünýäniň özi ýaly giň, şonuň ýaly-da gyzykly. Ýurdumyzda sanly ulgama geçmek babatda giň gerimde alnyp barylýan işler hakynda pikir öwreniňde bolsa, gürrüňiň ýumagy çözlene-çözlene, ýene-de sanly dünýä hakyndaky söhbete tarap ýumlugyberýär. Sanly ulgam diýlende, ilki bilen adam durmuşyny, zähmetini ýeňilleşdirýän, şol bir wagtyň özünde hem işiň-amalyň netijeliligini hem-de hilini artdyrýan ulgam hakydaňda janlanýar. Dogrudan hem, toplumlaýyn sanly ulgama geçilmeginden ilkinji maksat hem şundan ybarat dälmi eýsem? Sanly dünýäniň açary, asyl, şu dälmi näme? Durmuşy aňsatlaşdyrmak, ösüşlere bat bermek!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Şular bilen baglylykda, başyna barlan her bir işiň aňrybaş dereje ýerine ýetirilmegi üçin bolsa ilki bilen iş mümkinçilikleri, iş şertleri zerur. Iş hem ýeňil, hem netijeli ýerine ýetirilmeli. Sanly ulgam – bu babatda iň ýakyn hem-de iň dogry çözgüt. Sanly ulgamyň ösmegi bilen dünýä ylmy, gör, nirelere ýetdi! Dünýä ykdysadyýeti, dünýä bilimi, dünýä senagaty sanly ulgama aýak diräp, asyrlyk ädimleri ätdiler. Diýmek, sanly ulgama geçmek dünýä bilen aýakdaş gitmegiň hem baş şertine öwrülýär. Bir düwmede giden işleri dolandyryp, gözegçilik edip bolýar. Ähli zat eliň aýasynda. Esasy zat, şol aýanyň hemişe açyk bolmagy üçin bu ulgama toplumlaýyn geçilmegi zerur. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli pudaklaryň sanlylaşdyrylmagy babatdaky işler hem şundan söz açýar. Şulardan çen tutsaň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda sanly ulgama geçmek babatda durmuşa geçirilen hem-de häzirki wagtda dowam etdirilýän işler uzak hem-de ýagty geljegi nazarlaýar.

Bu gün biz durmuşymyzy el telefonsyz, planşetsiz, iş orunlarymyzy bolsa kompýutersiz göz öňüne getirmek kyn. Hakykatdan-da, durmuşymyzyň ähli taraplaryna giňden ornaşdyrylýan tehnologiýalaryň ösmegi bilen durmuş hakykatymyz hem özgerýär. Diýmek, sanly ulgam diňe bir ykdysadyýetiň ösmegine däl, eýsem, bilim ulgamyna hem, hatda gündelik durmuşymyza hem öz düýpli täsirini ýetirýär. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, ol ilkinji nobatda durmuşy ýeňilleşdirmegiň döwrebap guraly bolup hyzmat edýär.

Oguloraz DURDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu