Siziň üçin...Slider

Dünýäniň iň gymmat kompaniýalary

27-11-2023 / 2

«Gazeta.ru» habar bermegine görä, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy meşhur «Apple» boldy. Interbrand Corp. kompaniýasynyň analitikleri dünýäniň iň gymmat 100 brendiniň umumy bahasynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,7% ýokarlanandygyny bellediler. Interbrand Corp. 1974-nji ýylda döredilen we öz usuly boýunça kompaniýalaryň brendleriniň bahasyna baha berýän brend-konsaltinge ýöriteleşen kompaniýadyr.

«Apple» reýtingde öňdebaryjylygyny eýýäm 11 ýyl bäri saklap gelýär. Sanawyň ikinji ornunda «Microsoft» bolup, onuň bahasy 316,6 mlrd dollar bilen bahalandyryldy. «Amazon» hem-de «Google» kompaniýalary degişlilikde, üçünji we dördünji orunlary eýelemegi başardy. Bäşinji orunda Günorta Koreýanyň «Samsung» kompaniýasy bolup, onuň bahasy 91,4 mlrd dollara barabarboldy.

Dünýäniň ähli brendleriniň arasynda «Toyota» altynjy orny eýelemegi başaryp, «Mercedes-Benz» hem-de «BMW» ýaly bäsdeşlerinden öňe saýlandy.

Kakabaý KAKABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu