Siziň üçin...Slider

AI robot himigi Marsda kislorod döredip biler

27-11-2023 / 5051

Ulgam suwdan kislorody bölüp çykarýan katalizator öndürmek üçin Martian (Marsda ýerleşýän) materiallaryny ulanýar.

Hytaýda gözlegçiler, Marsdaky suwdan kislorod çykaryp bilýän emeli intellekt (AI) bilen işleýän robot himigini döretdiler. Robot, gyzyl planetada tapylan materiallary kislorody bölüp çykarýan katalizator öndürmek üçin ulanylýar. Bu pikir bar bolan kislorod öndürýän tehnologiýalaryň üstüni ýetirip ýa-da Marsda peýdaly çeşmeleri sintezläp bilýän beýleki katalizatorlaryň ösmegine sebäp bolup biler.

Angliýanyň Liwerpul uniwersitetiniň himigi Andy Kuper: «Marsa gitmek meselesi barada pikir etseňiz, ýerli materiallar bilen işlemeli bolarsyňyz. Hut şonuň üçin men munuň aňyrsyndaky logikany görüp bilýärin» diýip, belläp geçýär.

Bu gözlege Hytaýyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetinde Jun Jiang tarapyndan ýolbaşçylyk edildi. Jiang we onuň topary, Marsdan gelen ýa-da Ýer ýüzünde ýygnanan, ýöne Marsyň ýüzüne meňzeýän bäş meteoriti seljermek üçin robot goly bilen sowadyjynyň ululygyndaky ykjam maşyny ulandy. Toparyň maksady, enjamyň materialdan peýdaly katalizator öndürip biljekdigini ýa-da ýokdugyny anyklamak bolup durýardy.

AI bilen işleýän ulgam materialy eretmek we bölmek üçin kislota we aşgar ulanyp, soňra emele gelen birleşmeleri analiz etdi. Soňra olar Marsyň polýuslarynda we planetanyň aşagynda buz hökmünde bilinýän suwy döwüp bilýän himiki maddanyň 3,7 milliondan gowrak formulasynyň gözleginiň esasyny düzdi. Netijede, geljekdäki Mars missiýasynda ulanmak mümkinçiligi bolan suwdan kislorody çykaryp bilýän kislorod-ewolýusiýa reaksiýasy katalizatory boldy.

Jiang himiýa beýnisi bolan robot AI ulgamyny döredendiklerini aýtdy. Gözlegçiler bu enjamyň adam ýol görkezmezden Mars magdanyndaky birleşmeleri ulanyp biler diýip, pikir edýärler.

Suwdan kislorod öndürip bilýän katalizator Marsda edilip bilinse, bu katalizatory Ýerden alyp gitmek wezipesiniň zerurlygyny aradan aýyrar. Jiang, Martian materialynyň her inedördül metri üçin öz toparynyň sagadyna 60 grama golaý kislorod öndürip biljekdigini we kosmonawtlaryň geljekde Ýer togalagyndan kislorod daşamak zerurlygyny aradan aýyryp biljekdigini belleýärler. Aslynda, robot birnäçe ýyllap üznüksiz işläp biler diýip, çaklaýarlar.

Şeýle-de bolsa, Westforddaky Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň Haýstack obserwatoriýasynda Maýkl Heç Marsda kislorod öndürmegiň has aňsat usulynyň bardygyny aýtdy.

Jiang, toparynyň robot himiýasynyň Marsda ösümlikleri dökünlemek ýaly beýleki peýdaly katalizatorlary öndürmek üçin hem ulanylyp bilner. Bu usul bilen peýdaly materiallary sintez etmek üçin AI-ni ulanmak täze bir gözleg ugrudyr. Bu diňe kataliz we kislorod öndürmek üçin däl-de, himiýanyň ähli görnüşlerine has giňden ulanylýan AI-ni ulanmagyň täze bir usulydyr.

Bakyguly ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu